Garaşsyzlyk – bagtyň ganaty

Garaşsyzlyk ýurduň syýasy, ykdysady taýdan özygtyýarly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halkyň milli düşünjeliliginiň ösmegine, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde öz mynasyp ornuny tapmagyna itergi berdi. Garaşsyzlygymyz halkymyza öz gadymy medeniýetini, däp-dessuruny, toý-baýramlaryny gaýtaryp berdi we dünýä medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, häzirki zaman gazanylanlary nazara almak bilen ylym-bilimi ösdürmäge, ruhy taýdan taplanan, sagdyn bedenli nesilleri kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy.

Garaşsyzlyk baýdagynyñ astynda geçen bu dabaraly ýörişe halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen gatnaşdylar. Köpetdag şaýolunyñ ugrunda bina edilen döwlet münberinde geçirilen baýramçylyk ýörişi döwletimiziñ 33 ýylyñ dowamynda gazanan beýik ýeñişlerini, ýeten beÿik sepgitlerini dabaralandyrdy. Älemgoşar bezegli toý dabarasy, joşgunly çykyşlar, aýdym-sazlar, şahyrana setirler her birimiziñ kalbymyzda Garaşsyz watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şanly toýuñ keşbinde Gahryman Arkadagymyzyñ: “Garaşsyzlyk milletimiziñ ykbalynyñ göterilmegidir” diýen ganatly sözleriniñ aýdyñ beýanyny görmek bolýar. 

Mukaddes Garaşsyzlyk, ilkinji nobatda, halkyň ruhy dünýäsinde gülzarlyk emele getirýär. Sebäbi erkanalyk halkyň kalbyny açýar. Netijede, gadymyýetiň syry dünýä açylýar. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda şöhratly geçmişimizden söhbet açýan gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Halkyň ruhy baý bolanda, milli gymmatlyklara-da baý bolýar. «Görogly» dessançylyk sungatymyzyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurymyzyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, milli keşdeçilik sungatymyzyň we beýlekileriň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlygyny dünýä ýüzüniň ykrar etmesidir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bolsa dünýä giňişliginde Watanymyzyň geljegine bolan ynamyň berkeýändiginiň güwäsidir.

Goý, ata-babalarymyzyň arzuwlan döwleti, Garaşsyzlyk eýýamy dowamat dowam bolsun, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatyndaky beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Pirmuhammet NURÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok