Kiberhowpsuzlyk tejribeleri ösdürilýär

Maglumat tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmany artdyrmak we maglumat howpsuzlygy boýunça hünär endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de “Sanly Çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň edara binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşikler geçirildi.

Bu türgenleşiklere ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşyp, “Windows operasion ulgamynda işjeň hüjüm” we dünýäde meşhur bolan kiberhowpsuzlyk bäsleşikleri, CTF (Capture the Flag) görnüşinde ýumuşlary çözmek ýaly tejribeleri geçdiler.

“Windows operasion ulgamynda işjeň hüjüm” synagy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanyldy. Bu synag operasion ulgamdaky adatdan daşary kiberhadysalaryň öňüni almak we goranmak ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türgenleşikde tapawutlanan talyplar, ýurtda geçiriljek “Kiberbäsleşikde” çykyş etmek hukugyna eýe boldular.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok