Braziliýadaky guraklyk kofe bahalaryny ýokarlandyrýar

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda arabika kofesiniň bahasy soňky 13 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Robusta görnüşindäki has arzan kofe gytçylygynyň netijesinde, arabika görnüşine bolan islegiň ýokarlanmagy esasy sebäp boldy. 16-njy sentýabrda Nýu-Ýorkdaky ICE Futures biržasynda arabika kofesiniň bahasy 1 funt üçin 2,68 dollara ($5,9/kg) baryp ýetdi, bu bolsa ýylyň başyndan bäri bahanyň takmynan 40% ýokarlanandygyny görkezýär.

Arabika kofesine bolan islegiň ýokarlanmagy, robusta görnüşiniň gytçylygy bilen baglanyşyklydyr. Braziliýadaky käbir esasy oba hojalyk sebitleri 1981-nji ýyldan bäri iň gurak howa şertlerine sezewar bolýar, bu ýagdaý bolsa önümçilige uly täsir ýetirdi. Braziliýanyň kofe önümçiliginde ýüze çykan bu guraklyk «taryhyň iň ýowuzlarynyň biri» diýlip häsiýetlendirilýär.

Şeýle-de, global logistika we söwda ulgamyndaky bökdençlikler kofe üpjünçiligine ýaramaz täsirini ýetirýär, bu bolsa bazarlara ýetiriljek kofe mukdarynyň azalmagyna sebäp bolup biler.

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok