Milli senetçiligi ösdürmek boýunça online maslahat geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi. 

Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, taryh ylymlarynyň kandidaty, etnograf we sungaty öwreniji Ajap Baýryýewa, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nurgözel Bäşimowa, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow, şol ýokary okuw mekdebiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maýa Jumaniýazowa we senetçiligiň dürli görnüşleri boýunça hünärmenler çykyş edip, amaly-haşam sungatynyň taryhy, etnografik we sungaty öwreniş nukdaýnazaryndan seljerdiler. 

Medeni çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymlary Jeren Çaryýewa, Gülara Babaýewa, Berdimuhammet Saparow tarapyndan ussatlyk sapaklary geçirildi. 

Şeýle-de bu maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlarynyň taýýarlan ajaýyp haly, zergärçilik, külalçylyk önümleriniň, keçe taýýarlamak boýunça hünärmen, suratkeş Aýna Patarowanyň, milli keşdeçilik boýunça Jennet Kemjäýewanyň, deri önümlerini taýýarlamak boýunça Andreý Medwedewiň el işleri özüniň döwrebaplygy we milliligi bilen tapawutlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynda uly täsir galdyrdy.  

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişine, döwrebap taýdan kämilleşdirilişine we dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meselelerine bagyşlanan onlaýn maslahat türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýet berilýändigi, dostlukly halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygynyň, senetçilik we amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýändiginiň subutnamasydyr.

Jeren Baltaýewa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,

Malika Şukurowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
amaly-haşam sungaty fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok