Hi-Tech Turkmenistan 2024 halkara konferensiýasy we sergisi, ýurduň ykdysadyýetine ösen tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara Ylym we Tehnologiýa Merkezi tarapyndan guralan bu çäre, dünýäniň öňdebaryjy IT kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemläp, tejribe alyşmak, täze ideýalary paýlaşmak we geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek üçin özboluşly meýdança boldy.
Çärä gatnaşyjylar IT ulgamynda gazanan üstünlikleri we döwrebap tehnologiýa taslamalaryny hödürläp, özara tejribe alyşdylar. Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan gelen kompaniýalar, öz tehnologiýalaryny we işläp taýýarlan çözgütlerini görkezmek bilen, täze hyzmatdaşlyklar üçin mümkinçilikler döretýärler. Bu çäre, sanly öwrülişikde möhüm bolan çözgütleriň durmuşa geçirilmegi üçin platforma bolup hyzmat etdi.
Hi-Tech Turkmenistan 2024 sergisi, ýurduň gurluşyk we durmuş ösüşinde IT innowasiýalarynyň ulanylmagynyň uly mümkinçiliklerini görkezdi.
Şeýlelikde, serginiň jemleýji netijeleri Türkmenistanyň sanly geljeginiň uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýär we ýurt IT tehnologiýalary babatda täze ösüşlere ýol açýar.
Akynýaz Ýazmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler