Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy barha golaýlaýar. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan bu şanly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenjekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň ýubileý senesi bilen bilelikde toýlaýar.
Türkmen halky mukaddes ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwyny durmuşa geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. Özbaşdak döwletiň kemala gelmeginiň hem-de pugtalanmagynyň möhüm şerti bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Baş Kanunymyz esasynda ýurdumyzyň raýatlary giň hukuk şertleri we azatlyklar bilen üpjün edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär. Sebitlerde durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Kasymberdi KAKAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň
Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.
Teswirler