Eýýamlaryň paýhas çyragy

Gündogaryň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasyna girizilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň karary bilen 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy il-ýurdumyz üçin uly abraý-mertebedir.

Çeper söz sungatyny baýlaşdyryp, türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Magtymguly Pyragynyň çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyl wagt bäri ynsanlaryň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Şahyr döredijilik ussatlygynyň ägirt giň hem hertaraplylygy bilen dünýä edebiýatyny ýokary belentliklere eýe etdi. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz dana akyldaryň mirasyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, jaýdar kesgitleme berdi.

Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, häli-şindi ýaňlanyp, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň — türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlendirildi. «Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň iň parlak ýyldyzlarynyň biridir. Magtymguly türkmen edebi diliniň iň beýik ussadydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gözbaşyny beýik akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan alyp gaýdýan belent özgertmeler barha rowaçlanýar. Beýik işler bolsa döwletiň berkararlygyny has-da berkidýär. Bu döwletli işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri dowamat-dowam bolsun!

Maýsa ÇARYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok