Kazanda nebitgazhimiýa senagatynyň iň uly sergisi geçiriler

Şu ýylyň 26-28-nji awgustynda Kazan şäherinde Merkezi Aziýada nebitgazhimiýa senagatynyň iň uly sergisi geçiriler we ol Russiýanyň we sebitiň ýurtlarynyň öňdebaryjy hünärmenlerini birleşdirer. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda nebit korporasiýalary we paýdarlar jemgyýetleri, gaz we nebit enjamlaryny öndürijiler we üpjün edijiler, nebit-gaz önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalar, geologiki gözleg kompaniýalary bar.

Sergide nebit-gaz gözleg we önümçilik, himiýa tehnologiýalary, nebiti, nebit önümlerini we gazy daşamak, saklamak we gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gaz himiýasy, nebit we gaz senagatynyň desgalarynyň gurluşygy, nebit we gaz senagaty üçin enjamlar, LNG: enjamlar, paýlamak we ulanmak, maýa goýumlary, nebit we gaz senagatynda IT tehnologiýalary, nebit, nebit önümlerini we suwuklandyrylan gaz daşamak üçin ýörite ulaglar, nebit, gaz we nebit önümleriniň satuwy, logistika we ýük daşamak, daşky gurşaw, senagat we ýangyn howpsuzlygy, zähmet goragy, gaz ballon, gaz doldurýan enjamlar we başga-da birnäçe ugurlar boýunça iň täze tehnologiýalar we ösüşler bilen tanyşdyrylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, sergi işewür gatnaşyklar gurmak, täze hyzmatdaş tapmak, tejribe alyşmak we nebitgazhimiýa pudagynda ýetilen soňky üstünlikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolar.

Serginiň resmi saýty: https://www.neftegaz-expo.ru/en/

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok