Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.
Bäsleşikde emin agzalar ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýandygyna, okadýan dersleri boýunça okuw kitaplarydyr gollanmalary işläp taýýarlaýandygyna, bilimi, ylmy we önümçiligi özara utgaşdyryp sapak okadýandygyna görä baha berdiler. Esasy şertleriniň biri hem mugallymyň häzirkizaman innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy, dünýä tejribesini ulanmak bilen, sapagy ylmy esasda guramagy başarýandygyny açyp görkezmekden bolup durýar.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, üçünji orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Jumagylyç Mämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Jumamuhammet Abdyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň uly mugallymy Döwran Karajaýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Tawus Atdaýewa (höweslendiriji) dagylar mynasyp boldular.
Ikinji orna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Göwher Şukurowa , şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Diller kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oguljennet Jumalyýewa dagylar eýe boldular.
Birinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangül Esenmädowa gazanmagy başardy.
Bäsleşikde baş baýraga we «Ýylyň mugallymy» adyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň menejment kafedrasynyň uly mugallymy Gunça Seýilbaýewa mynasyp boldy.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary bilen sylaglandylar.
Belläp geçsek, bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmäge özüniň önjeýli goşandyny goşýan, Watana wepaly, syýasy taýdan düşünjeli, bilim we hünär taýdan kämil, baý iş tejribesini toplan ussat mugallymlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen geçirildi.
Teswirler