Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Ählitaraplaýyn kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bilim ojaklarynyň möhüm orny bar. Şonuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, ak mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine bada-bat girişildi.
Ýurdumyzda täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri ýokary derejede guralýar. Okuw binalarynyň içki abatlaýyş işleri ýokary derejede guralyp, synp otaglarynyň ählisinde reňklemek işleri göwnejaý ýerine ýetirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary ýaş nesliň ýokary derejeli bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirli bolmagyna uly mümkinçilik döredýär. Synp otaglarynda okuw sapaklary üçin zerur bolan görkezme esbaplary ýerleşdirilýär.
Hawa, bagtyýar döwrümizde çagalary okatmak üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde doly mümkinçilikler döredilen. Tehnologiýalaryň hyzmaty, olardan peýdalanmak ýaş nesle bilim bermek işini has hem kämilleşdirýär. Bagtyýar zamanamyzda etrap-şäherlerimizde gurulýan täze, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýeçilik ojaklaryny görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Güneşiň nury, Aýyň şöhlesi deýin ýalkym saçyp, ajaýyp döwür-döwranymyzyň bezegine öwrülen ak mermerli binalar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimize ýapan şa serpaýlarydyr.
Ýaş neslimize okamaga, döretmäge, işlemäge, gurmaga şeýle oňat mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Daudmyrat ÝAZLAKOW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
43-nji orta mekdebiniň müdiri.
Teswirler