Putin 24 ýyldan soň Demirgazyk Koreýa resmi sapar bilen barýar!

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýakyn günlerde Demirgazyk Koreýa we Wýetnama resmi sapar bilen barar. Putiniň Wýetnama resmi sapary 19-20-nji iýunda bolar.

Russiýanyň Prezidentiniň Wýetnama boljak resmi saparynyň çäklerinde energiýa, harby hyzmatdaşlyk, bilim we beýleki pudaklarda birnäçe şertnama ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan ozal, Putiniň resmi sapary Demirgazyk Koreýa 2000-nji ýylda bolupdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok