Dünýädäki iň uzyn boýly çaga

Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýäniň iň uzyn boýly çagasy hökmünde özüni tanadan Jeýson atly oglan, dünýä inen gününden bäri seýrek duş gelýän sindrom bilen göreşýär.

Jeýson bary-ýogy 10 ýaşynda bolsa-da, 1,90 uzynlygyndaky boýy bilen deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanýar. Çaganyň maşgalasy, çaganyň ýakyn ýyllarda operasiýa edilmegi bilen durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Jeýson dünýä inende, agramy 5 kg. boýunyň uzynlygy bolsa 66 santimetrdi. Bu kadaly ösüşdäki çaganyň boýunyň uzynlygyndan 30 santimetr uzyn bolup durýar. Jeýson heniz 7 ýaşyndaka, boýunyň uzynlygy 1,80-den ýokary geçdi. 10 ýaşyndaka, uly ýaşly erkekleriň köpüsini 1,90 uzynlykdaky boýy bilen yzda galdyrmagy başardy.

Jeýsonyň uzyn boýy oňa futbol oýnunda öňe gitmegine itergi berdi. Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan “dünýädäki iň uzyn boýly çaga” hökmünde hasaba alnan Jeýson, äpet boýundan utanmaýar.

Jeýsonyň agramy häzir 136 funta deň. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Jeýsonyňky ýaly seýrek duş gelýän sindrom bilen kesellän näsaglar adatça 40 ýaşa çenli ýaşaýarlar. Şol sebäpli hem maşgalasy Jeýsony 13-14 ýaşynda operasiýa etdirmegi göz öňünde tutýar.

Leýli ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok