Döwürleriň hem köňülleriň beýik şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwürleriň we köňülleriň beýik, dana, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň at-owazasy tutuş dünýä dolup, has-da belende galýar. Ähli döwürleriň unudylmajak ebedi beýik şahsyýeti bolan Pyragy il-halkynyň agzybirligini, jebisligini, abadan ýaşaýşyny gazanmak ugrunda alada edip, ajaýyp hem ölmez-ýitmez eserlerini, şygyrlaryny döredipdir. Türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň biz nesillere galan edebi mirasy eziz Watana, sahawatly, bereketli, keremli topragymyza bolan beýik buýsanja, çäksiz söýgä eýlenen ummandyr. Şahyryň türkmen halkynyň ykbalyna dahylly meseleleri we beýleki dürli temada beýan edilýän eserleri bahasyz gymmatlykdyr. Atasy Döwletmämmet Azadydan geçen adalatly döwlet gurmak bilen baglanyşykly paýhasly taglymaty beýik akyldar milli ruhda ösdürip, ony özbaşdak, garaşsyz döwlet bolmak ýaly çuňňur pikirler bilen baýlaşdyrýar.

Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, şygyrýet äleminiň ussat zergäri dana Pyragynyň edebi mirasy, çuňňur pähim-paýhasy, uç gyraksyz pikir ummany beýik mekdepdir. Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň hazynasyna goşant goşan şahyr, filosof we beýik akyldardyr. Milli şygryýetimiziň belende galmagyna uly goşant goşan, türkmen nusgawy edebiýatynyň däplerine eýerip, ajaýyp şygyrlary döreden beýik akyldar sözüň doly manysynda halkymyzyň milli şahyrydyr. Magtymguly türkmeniň poeziýa­synda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, gözüňi gamaşdyryjy şöhle bilen lowurdaýar. Şahyryň ajaýyp şygyr setirlerinde hem bellenilişi ýaly:

Keşt eýleýip gezdiň älem ýüzüni,
Taryplap Watanyň degre-düzüni.
Gözelligiň waspyn edip elmydam,
Ala-ýaza ýugran her bir sözüni.

Ine, bu gün ör boýuna galyban,
Ýol görkezýar gurup giden binýadyň.
Möwritin ýitirmez ajap eserleň,
Asyrdan-asyra ýaýylar adyň!

Öwüt-ündewe ýugrulan ajaýyp eserleri bilen biz ýaş nesiller üçin ýörelgeli edebi mekdebi döreden Magtymguly Pyragynyň paýhasly setirleri bu günki gün köňülleriň kelamyna öwrüldi. Şanly toýunyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi babatda dabaraly çäreler gurnalyp uludan taýýarlyk görülýär. Edebiýatymyza hem sungatymyza belent sarpa goýulmagy, Magtymguly Pyragynyň at-owazasynyň älem-jahana dolmagy babatda uly işleri ýola goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok