Gündogar sebitiň maldarlary 72 müň 720-ä golaý guzy almagy meýilleşdirýär

Ýurdumyzyň maldarlary üçin jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümi ýetip geldi. Bu hysyrdyly möwsüme ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň maldarlary hem taýýarlykly geldiler. Häzirki wagtda Lebap welaýaty boýunça «Serdar», «Jeýhun», «Garagum», «Tallymerjen», «Köýtendag» ýaly maldarçylyk hojalyklary hereket edip, olara degişli dowarlar Garagum hem-de Gyzylgum ýaýlalarynda, Köýtendagyň eteklerindäki baýyrlyklarda idedilýär. Bu maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde hem gyş möwsümi üçin mallara ýeterlik mukdarda ätiýaçlyk ot-iýmleriniň taýýarlanylmagy, hojalyklaryň ygtyýarynda bar bolan kaşarlaryň ählisiniň abatlanylmagy gyşyň aýazly günlerinde hem mallary dok we ýyly saklamaklyga mümkinçilik berýär.

Bu maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň baş sany 161 müň 400-e, şeýle hem welaýat boýunça maldarçylyk hojalyklarynda düýeleriň baş sany 2 müň 15-e golaýlaýar. Häzirki döwürde maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde owlak-guzy möwsümine girişilip, ol gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl Gündogar sebitiň maldarçylyk hojalyklarynyň ygtyýarynda bar bolan 79 müň 200-den gowrak ene goýundan 72 müň 720-ä golaý guzy almaklyk meýilleşdirilýär. Bu babatda hojalyklaryň degişli hünärmenleriniň, weterinar lukmanlarynyň, kärendeçi çopanlarynyň tagallalarynyň birikdirilip, bilelikde iş alnyp barylmagy oňyn netijelerini berýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda täze dogulýan owlak-guzular üçin gyşyň sowuk günleri göz öňünde tutulyp, ýyly kaşarlar hem-de owlak-guzular üçin ýörite ýerler taýýarlanylypdyr. Bu bolsa, häzirki döwürde dowam edýän sowuk günlerde hem täze doglan owlak-guzulardyr ene goýunlary aýazdan gorap saklamaga we talaba laýyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Welaýatyň hojalyklarynda häzirki wagta çenli dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 12 müň 500-e golaýlapdyr.

Möwsümde owlak-guzy almak boýunça «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň öňe saýlanýandygyny, hojalykda täze doglan owlak-guzularyň sanynyň 5 müň 100-den aşandygyny belläp geçmek bolar. Bu hojalygyň maldarlary möwsümde 14 müň 426 sany owlak-guzy almagy maksat edinýärler. Gündogar sebitiň maldarlarynyň häzirki wagtda alyp barýan tutanýerli işleri olaryň öňde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine güwä geçýär.

Meýlis MERETMUHAMMEDOW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok