Binagärlik-taslama maksatly döredijilik sergi bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama maksatly döredijilik sergi bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan etdi.

Çärä gatnaşmaga umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş mugallymlar, işine täze başlan binagärler hem-de şäher gurluşygy bilen meşgullanýan hünärmenler, şeýle hem dürli hünärleriň wekilleri, önümçiliklerde zähmet çekýänler we döredijilik taýdan zehinli, ýurdumyzyň binagärlik sungaty bilen giňden meşgullanýan ýaş raýatlary çagyrylýar. 

Bäsleşik üç ugur: ýaşaýyş jaýlar, medeni-durmuş maksatly binalar we seýilgähler, giň göwrümli taslama ýa-da 3D animasiýa boýunça geçirilýär. Iň oňat binagärlik taslamalaryny düzüjiler çärä gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanylan bäsleşige gatnaşýan işleriň sergisiniň çäklerinde kesgitleniler.

Eminler topary tarapyndan awtorlyk işlere baha berlende taslamalaryň meýilleşdirilişi (ulanmagyň amatlylygy) we oňyn çözgütler (uzak möhletleýinlik), olaryň ykdysady taýdan maksada laýyklygy, gözellik we milli aýratynlyklary ýa-da binanyň, desganyň, seýilgähiň döwrebap binagärligi göz öňünde tutular.

Sergi bäsleşiginiň ýeňijileri we baýrak eýeleri, şeýle hem tapawutlananlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de çäräni bilelikde guraýjy beýlekileriň adyndan diplomlar, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň geçirilişiniň hem-de işleri bellige aldyrmagyň düzgünleri bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň saýtynda bäsleşikler bölüminde giňişleýin tanşyp bolar.

Binagärlik-taslama maksatly döredijilik sergi bäsleşigini her ýyl geçirmegiň däbe öwrülendigini bellemek gerek. Çäre ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, täze döwrüň binagärlik taslamalaryny, iň oňat milli binagärlik däplerini hem-de häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy tejribesini özünde sazlaşykly utgaşdyrýan ajaýyp nusgalary döretmek ussatlygyny kämilleşdirmäge ymtylýan zehinli ýaşlaryň ünsüni çekýär. 

Döredijilikli sergi bäsleşigi binagärlik ulgamynda ýaşlaryň milli we innowasion taslamalaryna garamak we olara baha bermek, ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini terbiýelemek, ýurdumyzyň binagärligini we şähergurluşygyny mundan beýläk-de, kämilleşdirmek üçin ýaşlary ylma we döredijilige çekmek, ylmy barlaglary özbaşdak geçirmäge, çylşyrymly wezipeleri çözmäge hem-de innowasion tehnologiýalary başarnykly ulanmaga ukyply has zehinli gatnaşyjylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok