ABŞ-nyň “Odisseus” kosmos gämisi Aýa gondy

ABŞ-da ýerleşýän “Intuitive Machines” şereketiniň “IM-1” missiýasynyň bir bölegi hökmünde “SpaceX” kompaniýasynyň önümi bolan “Falcon 9” raketasy bilen kosmosa iberilen “Odisseus” atly kosmos gämisi Aýyň günorta polýusyna golaý sebitine sag-aman gonmagy başardy.

“Odisseus” – soňky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri Aýyň ýüzüne gonan ilkinji hususy kosmos gämisi boldy. Kosmos gämisi 1972-nji ýylda “Apollon 17” missiýasyndan bäri Aýyň ýüzüne ýumşak gonan ilkinji hususy kosmos gämisi hökmünde taryha girdi.

ABŞ-nyň hususy kompaniýasy “Intuitive Machines” tarapyndan “IM-1” missiýasynyň çäginde Aýa gonmak üçin işlenip düzülen kosmos gämisi, ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezinden 15-nji fewralda “Falcon 9” raketasy bilen uçuryldy.

“NASA” birnäçe ýylyň içinde Aýy adam ibermek meýilnamasynyň çäginde “Odisseus” kosmos gämisini gurmak we uçurmak üçin “Intuitive Machines” kompaniýasyna 118 million dollar töledi.

Azimjan REJEPBAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok