Sanly innowasiýalar — kämilligiň binýady

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Giň gerimli sergide 60-dan gowrak gatnaşyjy — aragatnaşyk we telekommunikasiýalar pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlary, beýleki ýurtlaryň kompaniýalarydyr firmalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen telekeçileri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleridir olaryň düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkezildi. Şeýle hem şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde «Data merkezlerini» ösdürmek we döretmek boýunça ýaşlaryň barlaglary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Şeýle-de «Mobil aragatnaşyk ulgamynyň indiki tapgyryny işe girizmek (IMT-2020/5G)» atly türgenleşik sapagy geçirildi. Şeýle hem oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi, degişli güwänamalar gowşuryldy. Talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Rasul KUTLYMURADOW,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň informatika mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok