Meşhur «Mickey Mouse» multfilmi barada

  • Multfilmiň 1928-nji ýylda ilkinji görnüşi döredilipdi we oňa şu ýylyň noýabrynda 95 ýyl doldy.
  • Walt Disneý multfilmiň baş gahrymanyny ilki towşanyň keşbinde janlandyrýar. Emma käbir sebäplere görä ol keşp soňra «Mickey» atly syçana geçirilýär.
  • «Mickey»-iň ilkinji sözi «hot dogs!» bolupdyr. «Mickey» bu tagamyň söýgüli muşdagy bolanlygy üçin bu sözleri, 1929-njy ýylda multfilmiň dokuzynjy görkezilişinde ilkinji gezek bütin äleme ýaýýar.
  • «Tom we Jerry» ady bilen tanalýan gyzykly multfilm köp nesliň çagalygynyň mähirli ýatlamasydyr. Multfilm ilki 1940-njy ýyllarda Wilýam Hanna we Josef Barbera tarapyndan pişik bilen syçanyň esasy keşpde bolmaklary esasynda döredildi. Bütin dünýäniň söýgüsini gazanan bu multfilm baradaky maglumatlar bilen tanyşmak has gyzyklydyr.
  • «Tom we Jerry» multfilminiň ähli bölümleriniň arasynda onuň birinji bölümi wagt taýdan iň uzagydyr.
  • Multfilmiň ady 1823-nji ýyla degişli «Londondaky durmuş ýa-da Jerry Howtorn bilen onuň Korintiýan Tom atly pili bilen syýahaty» atly kitabyň adyndan ruhlanylyp goýlandyr.
  • «Tom we Jerry» multfilmiň başdaky ady «Jasper we Jinks» bolupdyr.
  • Multfilm 7 sany «Oscar» baýragynyň eýesidir.

Hangeldi ARAZMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
koreý dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok