Möhüm ähmiýetli wakalar kalplara buýsanç paýlaýar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Diýarymyzda eziz halkymyzyň her bir güni şanly seneler, döwlet ähmiýetli taryhy wakalar bilen baýlaşýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, has takygy 20-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň we ildeşlerimiziň gatnaşmagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň dünýä ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, merdana halkymyzyň baý medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmekde 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň çar künjünde ýaşaýan türkmenleri jebisleşdirýän bu birleşigiň alyp barýan işleri barha kämilleşýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda geljekde hem dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmak babatdaky asylly işler ýokary derejede dowam eder. Häzirki wagtda eziz ýurdumyz Türkmenistan ençeme abraýly halkara guramalar, dünýä ýurtlary bilen syýasy hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar we onuň çägini ýylsaýyn giňeldýär. Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu günki gün mähriban watandaşlarymyz bilen birlikde dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýar.

Şeýle-de ýaňy-ýakynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda ýene-de bir möhüm ähmiýetli waka – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen, döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen bu umumymilli forumda eziz ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri girizildi. Döwletlilik, kanunylyk, milli demokratik däplerimize esaslanyp, döwlet ähmiýetli wezipeleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplan milli tejribämizden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwürleriň hem nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, ata Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Möhüm forumda Gahryman Arkadagymyz: “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar. Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr” diýip nygtap geçdi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň bu parasatly jümleleri biz ýaşlaryň kalbyny uly buýsanja besledi. Ýurdumyzda geçirilen bu ähmiýetli iri forumlara, ýagny Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak bagtynyň maňa hem miýesser edendigine diýseň buýsanýaryn. Biz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly ýaşlary, şeýle döwletli döwranda ýaşaýandygymyza, şu eziz Watanyň perzendidigimize guwanmaga haklydyrys! Goý, şeýle asylly başlangyçlary bilen ata Watanymyzy oňyn ösüşlere besleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Atajan JUMADURDYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň Iňlis dili we edebiýaty hünäriniň V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok