Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biziň ýurdumyzyň bu ulgamda öňe sürýän halkara başlangyçlary barada Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen mejlisinde hem nygtalyp geçildi. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirjekdigi barada habar berildi.
Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegi bilen bagly meseleleri çözmek işini işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki düzümler bilen bilelikde bu ugurda milli hem-de sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalar esasynda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan tutuş adamzat üçin möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.
Maral ORAZBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
Teswirler