“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Niderlandlar Patyşalygynyň “www.hortidaily.com” oba hojalyk neşirinde

“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň gatnaşan, “GreenTech Amsterdam” sergisinden soňra, “www.hortidaily.com” oba hojalyk neşirinde “Türkmenistanda bagbançylyk pudagy möhüm özgerişliklere şaýat boldy” atly makala çap edildi.

Belläp geçsek, “GreenTech Amsterdam” oba hojalyk sergisi Niderlandlar Patyşalygynda geçirildi.

Ýurduň meşhur oba hojalyk we ýyladyşhana ulgamyndaky täzeçil tehnologiýalar baradaky neşiriniň bellemegine görä, soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda bagbançylyk pudagy möhüm özgerişliklere şaýat boldy. Türkmenistan hökümetiniň döwlet goldawy bilen pes göterimli karzlaryň we ýerleriň bölünip berilmegi oba hojalygyň we bagbançylygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Şeýle-de, Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri köp sanly ýyladyşhana toplumlarynyň döredilmegine itergi berdi, diýlip belleýär.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok