Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi

Ýaňy ýakynda «Gujurly» bilim merkeziniň Änew şäherinde açylan täze binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Ilkinji Ýaşlar guramasy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi hem-de «Gujurly» bilim merkeziniň guramagynda pikir alyşma maslahaty geçirildi.

Maslahatyň ilkinji gününde, «Ýaşlar we ösüş» ady bilen geçirilen pikir alyşma maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümine agza talyp ýaşlary prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Oňa «Gujurly» bilim merkeziniň diňleýjiler, guramaçy mugallymlary gatnaşdylar.

«XXI asyrda çaga terbiýesi» ady bilen geçirilen foruma bolsa bilim merkeziniň diňleýjileri bilen olaryň ata-eneleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň öňünde «Gujurly» bilim merkeziniň ýolbaşçy mugallymlary prezentasiýalary bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Berdigylyç ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok