• Baharsyz pasyl bolmaz, gaharsyz — durmuş.
• Ýandak sere — tohum ýere, mirap — suwa, kök — yzgara.
• Gyş gamyny ýaz iý, ýatar garna az iý.
• Ýaz ýaýla bar, gyş — howla.
• Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde — taýak bilen.
• Ýaz işle, gyş dişle.
• Goýun: «Ýylda iki doýýan: Bir-ä ýaz gyrkymda, Birem güýz gyrkymda» diýermiş.
• Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş.
• Ýagşy gün säherinden belli,
• Ýagşy ýyl — baharyndan.
• Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda.
• Ir eken harman alar, giç eken — arman.
• Gülşende gül biter, şor ýerde şora.
• Ýaz güni bir palaw, gyş güni bir alaw.
• Gördüň ýazyň dokuzy, al-da çyk, goşa öküzi.
• Güýz göksüz bolma, ýaz — aksyz.
• Gün bar — bir teňňelik, gün bar — müň tyllalyk.
• Ir düşen ýazdan gork.
• Gün parlap çyksa-da, gyşyň güni ýaz durmaz.
• Gün otagalasa — günlük, Aý agyllasa — aýlyk.
• Bir günden bahar bolmaz.
• Garga müň gygyrsa-da, ýaz bolmaz, gaz bir gygyrsa, ýaz bolar.
• Bir garlawaç ýaz etmez.
• Garybyň gyşy uzyn, ýazy gysga.
• Ýelemik aýazdan, ýedi günki boragan.
• Az – uky, ýaz – uky.
• Gyş düýşüniň bary ýalan, ýaz düýşüniň – ýary.
• Baýyň azgyny, possun geýer ýaz güni.
• Togsan dolman ýaz çykmaz.
• Ir ekseň doň alar, giç ekseň ýer gurar.
• Durna görseň, gyş ýaragyn düz,
• Leglek görseň, ýaz ýaragyn düz.
Begmyrat AŞYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler