2-nji martda Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Iň eýjejik gyzjagaz-2023» atly şadyýan bäsleşigi geçirildi.
Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşige emin agzalary adalatly baha berdiler. Bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 80-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji «B» synp okuwçysy Fatima Orazgeldiýewa, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň 2-nji «A» synp okuwçysy Medine Babaýewa ýeňiji boldular.
Şeýlelik-de, 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolan gyzjagazlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Arkadag serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda bilim alýan gyzjagazlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz-2023» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmana hukuk gazandylar.
«Iň eýjejik gyzjagaz-2023» atly şadyýan bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlara şeýle hem bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşan beýleki gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary, minnetdarlyk hatlary, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Laçyn ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň hünärmeni.
Teswirler