Ilatyň arasyndan taryhy eserler ýygnalyp muzeýiň gaznasyna tabşyrylýar

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan ilatyň arasyndan gadymy mirasymyza degişli maglumatlary ýygnamak işleri yzygiderli geçirilýär.

Muzeý işgärleri gadymy ýadygärliklere, ýer-ýurt atlaryna we däp-dessurlarymyza degişli dürli rowaýatlary, milli mirasymyz bilen baglanyşykly maglumatlary toplap, olary ylmy taýdan seljerýärler. Iş saparlarynyň dowamynda senetçiler tarapyndan ýerine ýetirilen zähmet gurallary, eli çeper gelin-gyzlaryň sünnäläp bejeren amaly-haşam sungatyna degişli eserler ýygnalyp, muzeýiň gaznasyna tabşyrylýar. Ýygnalan gymmatlyklaryň arasynda çarwadarçylyga, bagbançylyga we ekerançylyga degişli enjamlaryň we maglumatlaryň agdyklyk edýändigi aýratyn bellärliklidir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok