Towşan ýylynda dünýä inen meşhurlar:

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyl towşan ýyly. Towşan ýylynda meşhur adamlardan kimleriň dünýä inendigi gyzykly bolsa gerek. Biz ýyly towşan bolan meşhurlaryň käbirlerini ýatlap geçmegi makul bildik.

Şükür bagşy Dowut ogly –  türkmen sazynyň taryhyna ady altyn harplar bilen ýazylan ussatlaryň biridir. Şöhratly ady rowaýatlara siňip giden, Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» atly powestinde ussadyň durmuş we ýerine ýetirijilik ýoly çeper beýan edilen.

Mariýa Kýuri – synagçy alym, ilkinji zenan mugallym. Fizika we himiýa derslerinden Nobel baýragynyň Ilkinji we ýeketäk eýesi. Ylmyň iki ugry boýunça   taryhda 2 gezek Nobel baýragynyň laureaty.

Albert Eýnşteýn – fizik-teoretik, häzirki zaman fizika nazaryýetiniň düýbüni tutujylaryň biri. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ol otnasitellik teoriýasyny oýlap tapan alym hem-de fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi.

Sergeý Sergeýewiç Prokofýew –  saz žanrlarynyň köpüsinde şedewr eserleri döreden rus kompozitory, XX  asyryň görnükli wekilleriniň biri. 1891 – nji towşan ýylynda doglan S.S.Prokofýew 7 operanyň, 7 simfoniýanyň, 8 baletiň we birnäçe konsertleriň awtorydyr.

Ata Gowşudow – towşan ýylynda dünýä inip, bize ençeme ajaýyp eserleri ýadygär galdyryp gitdi. Onuň «Perman» romanynda Gökdepe söweşiniň tragediýasyny beýan edilýär. 

Gara Seýitliýew – köptaraply döredijiligi bilen milli edebiýatyň, kino we teatr sungatynyň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Onuň goşgularyna türkmen kompozitorlary ençeme aýdymlary döredip, häzirki döwürde hem uly meşhurlyk gazanýar.

Rejep Gutlyýew – öz döredijiliginde wokal-simfoniki sazlara, hor eserlere, aýdymlara  we romanslara söýgüsini siňdiren kompozitordyr. Onuň döreden aýdymlarydyr romanslary birnäçe bäsleşiklerde birinji orna mynasyp bolup, meşhurlyga ýetdi.

Hojaguly Diwanaýew – towşan ýylynda doglan Türkmenistanyň Halk bagşysy. Onuň «Babajyklar», «Hal iki ýandan», «Kiçi», «Gözelim» ýaly aýdymlaryny diňlemedik ýokdyr.

Döwletgeldi Ökdürow – Türkmenistanyň halk bagşysy, görnükli edebiýatçy alym, bagşy, mukamçy kompozitor. Onuň milli sungatymyzyň ösmegi ugrunda bitiren işleri ýüreklerde öçmejek yz goýdy.

Jonni Depp – amerikan aktýory, kinorežissýory, sazandasy. Onuň dünýä meşhurlygyny getiren «Karib deňziniň garakçylary» filmindäki we beýleki keşpleri dünýä kinosynyň altyn hazynasyndan orun aldy.

Mähri GURBANGULYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwaroriýasynyň
Sazşynaslyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok