Dünýädäki iň meşhur programmirleme dilleri mälim edildi

Programmirleme dili – kompýuter tehnikasynyň programmirleme dillerini bize gerekli bolan funksiýany ulanylýan programmirlemäniň öz dilinde düşündirmekdir. Her diliň özüne mahsus ýazylyş düzgüni we kodlary bardyr. Kompýuter programmirlemesi häzirki zaman sanly döwrüň esasyny düzýär. Programmirleme dilleriniň taryhyny gözden geçirenimizde, kompýuter programmirlemesiniň ýyllar boýy näderejede ösendigini görmek mümkin.

«TIOBE» programmirleme jemgyýeti – 2022-nji ýylda iň meşhur bolan programmirleme dillerini seljerdi we ýüze çykardy.

2022-nji ýylda iň meşhur bolan 10 programmirleme dili:

  1. Python;
  2. C;
  3. C++;
  4. Java;
  5. C#;
  6. Visual Basic;
  7. JavaScript;
  8. SQL;
  9. Assembly language;
  10. PHP;

Belläp geçsek, ilkinji programmirleme dili 1843-nji ýylda döredildi. Ol Ada Lovelace-iň maşyn belliklerinde kompýuter tarapyndan işlenilip düzülen ilkinji algoritmdir. Häzirki wagtda bu algoritm durmuşymyzyň köp bölegini öz içine alýan kompýuter programmalarynyň düýbüni tutmaga uly goşant goşdy.

Saparmyrat BALAKAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Guwandykow Seyitbay

Pyhon dal python bolmaly