Hytaý täze kosmos taslamasyny durmuşa geçirýär

Hytaý, Gün sistemasyndan daşarda adamlar üçin ýaşap boljak başga planetalary gözlemegi meýilleşdirýär. Bu täze taslama durmuşa geçirilse, 32 ýagtylyk ýyl uzaklykdaky planetalar ilkinji gezek öwreniler.

Ýakyn planetalarda ýaşaýyş üçin oňaýly ýer diýlip (CHES) atlandyrylýan bu taslama, Ýerden uzak bolmadyk ýerde “L2” nokady diýlip atlandyrylýan kosmos teleskopy bilen amala aşyrylar. Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklygyň 4 essesine barabar uzaklykda amala aşyryljak bu taslama, “NASA”-nyň Jeýms Webb kosmos teleskopyna meňzeş ýagdaýda işini dowam eder. Bu ýerde “CHES” teleskopy 32 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Güne meňzeş 100-e golaý ýyldyzy öwrener.

Taslamany teklip eden topar, bu ýyldyzlary doly öwrenmek bilen Ýere meňzeş 50 sany planetany tapmagy umyt edýär. Taslama üstünlikli amala aşyrylsa, 32 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Ýere meňzeş planetalary gözlemek üçin döredilen ilkinji kosmos derňew taslamasy bolar.

Selim NURGELDIÝEW,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok