Ildeşlerimize hoş habar! Käbir ugurlar boýunça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Änew – Türkmenabat, Türkmenabat – Änew, Balkanabat – Änew, Änew – Ýangaja, Daşoguz – Änew we Änew – Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýdy. Bu barada “Demirýollary” AGPJ-niň resmi web sahypasynda gatnawlaryň tertibi görkezilipdir.

Belläp geçsek, koronawirus pandemiýasynyň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen girizilen çäklendirmeler kem-käs ýatyrylyp, welaýatlaryň arasyndaky gatnawlaryň doly ýagdaýda ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok