Kosmos näme üçin juda sowuk?

Gün Ýerden takmynan 150 million kilometr uzaklykda, ýöne her gün onuň ýylylygyny duýup bilýäris. Elbetde, munda geň galdyryjy zat ýok. Ýöne geň galdyrýan zat, Gün ýaşaýan planetamyzy gyzdyrsa-da, giňişlik sowuklygyna galýar. Onda gün yssy bolsa, näme üçin giňişlik ýagny kosmos juda sowuk?

Temperatura diňe materiýa täsir edip bilýär. Ýöne kosmosda ýeterlik bölejikler ýok, ýagny Älem boşlukdan ybarat. Bu ýylylygyň hiç zada täsir edip bilmeýändigini aňladýar. Şeýle ýagdaýda ýylylygy geçirmek mümkin däl. Bu ýagdaýda radiasiýa arkaly ýylylyk geçirmek ýeke-täk mümkinçilikdir. Günüň radiasiýa görnüşindäki ýylylygy bir jisime düşende, jisimi emele getirýän atomlar energiýany siňdirip başlaýar. Bu energiýa, atomlary herekete getirip başlaýar we bu prosesde atomlar herekete geçýär we ýylylyk döreýär. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýda gyzykly bir zat bolup geçýär. Ýagtylygy geçirmegiň mümkinçiligi bolmansoň, kosmosdaky jisimleriň temperaturasy uzak wagtlap üýtgewsiz galýar. Gün şöhleleriniň atmosfera girende, energiýa bermek üçin köp jisim we material bar. Şonuň üçin biz planetamyzda ýylylygy duýýarys.

Belläp geçsek, Aýyň garaňky tarapy -173°C-e çenli, kosmos bolsa ortaça -270.4°C-e töweregi sowukdyr.

Aýgül MÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok