80 ýyl mundan öň ýitip giden suwasty gämisi tapyldy

   Ýakynda grek suw gözleg topary Ege deňziniň düýbünde mundan ylaýyk 80 ýyl öň näbelli ýiten suwasty gämini tapdylar. Bu barada Express neşirine salgylanyp, Türkmenportal habar berýär.

   “Jantina” diýlip atlandyrylýan bu gämi 1941-nji ýylyň 5-nji iýulynda “Leros” atly grek adasynyň golaýynda “HMS Torbeý” atly britan suwasty gämisiniň top oky arkaly gark edilipdir. Şol wagt gämide 48 sany italýan deňizçisiniň hem bolandygy aýdylýar.

   Bu suwasty gämisi ýakynda grek suw gözleg topary tarapyndan Mikonos adasynyň Günortasynda 103 metr çuňlukda tapyldy. Grek suw gözleg topary bu suwasty gämini Italiýanyň harby-deňiz taryhy edarasynyň arhiw ýazgylary boýunça doly anyklamagy başardylar.

   Umuman arhiw ýazgylarynyň beýany boýunça “Jantina” suwasty gämisi 1932-nji ýylda ilkinji gezek suwa goýberilýär. Şeýle-de, bu gämi şol döwürlerde Ispaniýada bolup geçen raýat urşuna hem gatnaşypdyr. 1941-nji ýylyň tomus aýlarynda bolsa bu suwasty gämi Ege deňziniň grek ýakalarynda britan “HMS Torbeý” gämisi tarapyndan birbada 6 sany torpeda oky atylyp gark edilýär. Maglumatlara görä “Jantina” suwasty gämisiniň içindäki 48 sany deňizçiden diňe altysyna halas bolmak başardypdyr. Olar şol ýeriň golaýyndaky Mikonos adasyna ýüzüp barypdyrlar.

Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok