Botanika bagyndaky täsin “Kallistemon” gülledi

Ýakynda, Botanika bagynda ösüp oturan Awstraliýanyň endemik kallistemon sitrinusy (latynçada Callistemon sitrinus) açyk ýerde gülledi. Bu ösümlige gyzyl ot ösümligi hem diýilýär. Ol hemişe gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň ýa-da ownuk agaçlaryň mirtowlar maşgalasyna degişlidir.

Häzirki wagtda Aşgabadyň Botanika bagynda iki sany kallistemon agajy bar. Olaryň biri ýyladyşhanada, beýlekisi açyk meýdanda ekilen. Botanika bagynyň hünärmenleri birnäçe wagt bäri kallistemony ýetişdirmek, onuň ýerli toprak-howa şertlerimizde ösmegine uýgunlaşdyrmak üçin zerur işleri alyp bardylar. Bu işler häzirki wagtda hem dowam edýär.

Bu ösümligiň (Callistemon sitrinus) gülleri uzyn, açyk gyzyl reňklidir. Gülüň ady göwrümine görä dakylyp, grekçe “kallos” – owadan, “stamen” bolsa kök diýmegi aňladýar. Onuň ownuk gülleri şahalarynyň ujunda 5-12 sm we inligine bolsa 3-6 sm bolan dykyz silindr görnüşli infloresensiýalarda ýygnalýar. Bu ösümlik efir ýagy hökmünde hem ulanylýar. Kallistemonyň ýapraklarynda efir ýaglary bar, onuň ýapragyna eliňi sürtseň, ýakymly ys peýda bolýar.

Maral AMANDURDYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok