Aşgabatda “Daşkent” dynç alyş seýilgähi gurulýar

Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurulýar. Gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy. Seýilgähiň gurluşygyny we taslamasyny “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti alyp barýar.

Bu ýerdäki 30 müň inedördül metr meýdanda pajarlap gök öwüsýän ösümlikli, ajaýyp gülzarlykly we arassa ýodaly landşaft bagy dörediler, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga gurlar. Seýilgähiň girelgesinde monumental “Ezgulik” (gowy we asylly islegler) derwezesi gurlar.

Seýilgähde iki gatly çaýhana gurular. Ol şol bir wagtda 100 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýere gelenler ajaýyp manzaraly merkezi köçebagy synlap, özbek tagamlaryny dadyp bilerler.

“Güneş” seýilgähiniň çäginde öňden bar bolan “Toý mekanynyň” binasynyň hem durkunyň täzelenjekdigini we öňküsi ýaly toýçulary kabul etjekdigini goşmak bolar. Seýilgähiň gapdalynda onlarça awtoulag üçin duralga gurlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok