Derweze DES-da 1 million 291 müň 651 kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürildi

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynda 1 million 291 müň 651 kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürildi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, önümçilik işinde 150,44 göterim ösüşiň üpjün edilendigini görkezýär.

Kuwwatly gazturbina desgalarynyň birnäçesini öz içine alýan bu kärhanada degişli döwürde öndürilen elektrik energiýasy paýtagtymyzyň we welaýatyň sarp edijilerine bökdençsiz iberildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok