11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öňümizdäki Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu ýyl Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçirilmek göz öňünde tutulýar. 22 — 27-nji iýun aralygynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna görä, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini hem-de ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we Farap etrabynda “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Teswirler