Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry dowam edýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komiteti tarapyndan gürrüňi edilýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we beýleki göwünaçmalar has-da täsirli boldy.
Bäsleşikde şekillendiriş sungatyna höwesli çagalar surat çekmekde bäsleşseler, sport bilen gyzyklanýanlar dürli ýaryşlarda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Munuň üçin dag jülgesindäki bu sapaly merkezde ähli mümkinçilikler döredildi.
Şol gün okuwçy gyzlaryň uly topary çeper eller gurnagynyň işine höwesli gatnaşyp, ajaýyp işleri ýerine ýetirdiler. Bu ýerde dürli kitaplar boýunça hem çeper okaýyşlar guraldy.

Babamyrat Nurjykow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler