Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýyrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslarynyň bellenilmegi bilen, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy, döwlet eýeçiligindäki emläkleriň döwlete degişli bolmadyk ýuridik hem-de fiziki şahslara tölegli esasda berilmegidir.
Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, bäsleşikli ýa-da göni salgyly şertlerde hususy ulgama tölegli hususylaşdyrylan emläkleri satyn alan hususy telekeçiler tarapyndan, goşmaça maýa goýmagyň barşynda, täze dürli görnüşli önümçilikler we hyzmatlar ulgamy peýda bolýar we özüniň oňyn netijelerini hem berýär.
Hususylaşdyrlan emläklere goşmaça maýa goýumlaryň özleşdirilmegi – bu täze döwrebap önümleriň öndürilmegini, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegini şertlendirýär.
Bu ugurda alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän işleriň netijelerinde syýahatçylyk ugrunda ýurdumyzyň merkezinde we sebitlerinde syýahatçylyk işleriniň hususy ulgama berilmegi bilen, hyzmatlaryň görnüşleriniň giňelmegine mümkinçilik döretdi. Hususy ulgama balykçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde, balyklaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge we olary gaýtadan işlemäge giň şertler döredildi. Söwda we hyzmat maksatly binalaryň we desgalaryň hususy ulgama satylmagy bilen, bu ugurdaky işleriň geriminiň has-da artmagyna getirdi. Oba hojalyk maksatly önümçilikleriň hususy ulgama satylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny emele getirmäge döredilen giň mümkinçilikleriň biridir.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm orny tutýan hususy ulgamyň işine berýän ýokary ähimýeti we döredýän giň mümkinçilikleri barha pugtalanýar.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hususy ulgamyň işewürleri milli ykdysadyýetimizde döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlary we döredilýän ýeňillikleri üçin mähriban Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.
Güljan Ataýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy
Teswirler