Pile möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Ýurduň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda otuz müňe golaý kärendeçi pile taýýarlamak bilen meşgullanýar. Welaýatyň howa şertleri sebäpli bu ýerde pile taýýarlamaga biraz gijiräk girişilýär.

Daşoguz welaýaty hem dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal öndürijileriň iň irileriniň biri hasaplanýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda hem welaýatyň pileçi kärendeçileri 500 tonna pile taýýarlamagy meýilleşdirýärler.

Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik oba hojalyk önümçiliginiň gelejegi uly pudaklarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda welaýatyň 2000 gektardan hem köp meýdany tutýan tut meýdany bar. Şu ýyl bolsa ony ýene-de takmynan dört esse giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Didar ÖWEZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok