Çarşenbe güninden ýagny 7-nji aprelden başlap “Altyn asyr” Gündogar bazary öz işini dowam etdirer. Bütindünýä ýaýran pandemiýa sebäpli bazar 2020-nji ýylyň iýul aýynda çäklendirilipdi.
Bu bazar Merkezi Aziýada bazarlaryň sanawynda ululygy boýunça 5-nji orunda durýar. Onuň meýdany 154 gektara barabardyr.
2011-nji ýylda ulanylmaga berilen bu bazar birnäçe bölümden ybarat bolup, 2000-den gowrak dükan alyjylara hyzmat edýär. Bazaryň bölümleri türkmen gölüniň şekili boýunça çyzylandyr.
Sylapberdi MÄMMEDOW,
žurnalist
Teswirler