Dünýäniň iň baý adamy – Ilon Mask

Işewür Ilon Mask Jeff Bezosdan baýlygy boýunça öňe geçip, dünýäniň iň baý adamy diýen ada eýe boldy. Bu barada CNBC teleýaýlymy habar berýär.

Tesla-nyň ýolbaşçysy 185 milliard dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamyna öwrüldi. Tesla paýnamalarynyň bahasy 7-nji ýanwarda, penşenbe güni Maska 2017-nji ýyldan bäri iň baý adam bolan Bezosdan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Habar ýazylan wagtynda kompaniýanyň gymmatly kagyzlary her paýnama 799,6 dollardan satylýar, kapitallaşdyrmasy bolsa 757,6 milliard dollara barabar.
Soňky ýylyň içinde Maskyň baýlygynyň 150 milliard dollar ýokarlanandygy bellenilýär. Iýul aýynda Mask iň baý adamlaryň reýtinginde Uorren Baffetden öňe geçip, ýedinji orny eýeledi. Noýabr aýynda bolsa ol Bill Geýtsden öňürtiläp, ikinji orny eýeledi.
2020-nji ýylyň tomsunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjynyň baýlygynyň 20-nji iýulda bir günüň içinde 13 milliard dollar ýokarlanandygy habar berildi.

Arzygül KURTDURDYÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok