Ýylyň şygaryna bagyşlanan jemgyýetçilik duşuşyklaryna badalga berildi

Penşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Mejlisler otagynda  2021-nji ýylyň  “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna – ynamly gadamlar bilen ” atly mowzuk boýunça geçirilen maslahata TSTP-nyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat komitetleriniň guramaçylyk etdi.

Partiýanyň Aşgabat şäher kommiteti Dädebaý Nazkulyýew we Ahal welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Kazakowa 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanda her ýyly bir şygar bilen atlandyrmak däbi barada maglumat berdiler. Bu şygarlar ähli türkmen halkynyň öňünde täze maskatlary goýýar, we şol ýyl ýetilen sepgtiler bilen ýyl jemlenýär, diýip çykyş edenler nygtady.

Şeýle-de, her ýylyň ruhuna mynasyp ýagdaýda türkmen telekeçileriniň ýeten üstünlikleri barada hem nygtalyp geçildi.

TSTP-nyň işjeň agzalary, telekeçiler Rahymberdi Kerimow we Begenç Baýrammyradow hem şyl öňlerinde maksatlary barada gürrüň berdiler.

“Atavatan-Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysy Türkmenistandaky täzelikleri, habarlary, ýetilen sepgitleri halkara okyjylara ýetirmek üçin alyp barýan işleri barada hem maglumat berdi.

Merdan Ataýew
TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok