Döredijilik çemeni

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ‘’ENÄ TAGZYM MUKADDESLIGE TAGZYM’’KITABYNA ESASLANYP

Bir wagtlar bir zaman

Hemmäni ýaradan Beýik Biribar

Çagyrdy huzuryna perzent ruhyny

Ak perişde deýin perzendiň ruhy

Taňryň huzuryna tagzyma geldi

-Huzuryňda taýyn men

Gullygyňda gaýym men

-Zemine bar ynsan bol

Adamzat durmuşyn gör

-Wah Biribar hetdim bolmaz

Ret etmäge buýrugyň

Ýöne…..Asmanda şat ýaşaýan

Zeminde, niçik bolar halym meň

Kim apalap, kim goraglar

Kim meniň arzymy Diňlär,

-Sen gorkma zeminde bir ynsan bar

Geljegiňe garaşyp ýör

Goraglar,söýer,elinde götär

Islegleriň bolar wysal

Enedir ol ynsan ady

Kynçylyk ýüze çykaýsa

Men ýokarda goldarn bada

Aý aýlanyp-gün dolandy

Ahyr perzent dünýä indi

Enäň mährem gujagyndan,

Söýgi doly ojagyndan

Şirin labyz hüwdisinden

Ösdi ulaldy ogul

Rysgal döwletiň eýesi

Şady horramlyk degresi

Bu baýlyk başyn aýlady

Mes boldy juda aýnady

Enesin unutdy duýmady

Ene zaryn gözýaş etdi

Deň-duşlary otyr synlap

Dostlarynyň bolşyn geňläp

Ine birden barja eşret

Gözden gaýyp boldy gitdi

Daşyny gurşan dostlary

Gelmäge ýoly unutdy

Daş-töwerek boşap galdy

Otyr hanha başyn tutyp

Biribara nalyş edip:

Bu nä bolyş eý biribar

Maslahat soraýyn kimden

Ýoldan barýa ýüzin sallap

Iki ýana başyn ýaýkap

Duşdy birden dana goja

Edep bilen salam berip

Düşen günin beýan etdi

Soragly nazaryn ol goja dikdi

Ähli gürrüňleri ünsli diňläp

Biraz pikirlenip aňynda aýlap

-Haçan garry eneň huzuryna bardyň

Onuň hal-ýagdaýyn möhümin sordyň

Ene keramatdyr ene gudratdyr

Eneň razy bolsa ýolyňam akdyr!

Enäň huzuryna salama baryp

Garry enesiniň halyny görip

-Dokuz aý gursakda göteren käbäm

Yhlas bilen dünýä getiren käbäm

Söýgi,mähir bilen suwaran käbäm

Ynjytdym balaňy bagşlaý käbäm

-Wah gara gözmiň garasy

Ýüregimiň eýesi eý eziz bala

Bagşlamak üçin uly şertim ýok

Şujagaz käsäni al guzym ele

Ene süýdin getir

Ine ýetik şuda

Ele alyp käsäni

Her ýana bakdy ogul

Gujagy bäbekli mährem eneler

Balasyn ezizläp geçýär deňinden

Ogly köp zada akyl ýetirdi

Ak süýdiň gymmadyn aňa getirdi

Enesiniň huzurynda eglendi  

Bagşla käbäm diýip uzur elendi

Ene balasynyň başyn sypady

Düşen kyn gününe başyn ýaýkady

Biribara nalyş etdi ýalbardy

Balasyna uzak ömür diledi

Eý ynsan balasy bir zady bilgin

Dünýe döräp ynsan döräli bäri

Ene keramatdyr sen şoňa uýgyn

Eneňi sylasaň işiň rowaçdyr

Eneň ak patasy

Röwşen ertirlere nurdyr çyragdyr!

.

Bägül Soltanowa,

Görüş taýdan II topar maýyp
Baýramaly şäheri.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok