Türkmenistanyň Demirgazygynda guşlaryň sany we görnüşleri barha köpelýär

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň hemişelik ýaşaýan we göçüp gelýän guşlara gözegçilik etmeginiň netijesinde guşlaryň sanynyň we görnüşleriniň barha köpelýänligi mälim edildi.

Bu ýyl guşlary öwrenýän ýerli hünärmenler göçüp gelýän guşlaryň arasynda ilkinji akbaş dazzarkeli we Gyzyl kitaba girizilen gadymy gubur bürgüdini ýazga aldylar. Megerem goraghana bilen serhetleşýän, bir wagtlar çölleşen sähranyň özgermegi adam eli bilen döredilen Türkmen köli olary özüne çeken bolsa gerek.

Ýylyň başynda ilkinji gezek gyrgylar maşgalasynyň Türkmenistanda adatça merkezi Köpetdag jülgelerinde we Bathyzda ýaşaýan wekiliniň bu ýerlerde peýda bolmagy hem hasaba alnypdy.

Röwşen Muhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok