«Gyzyl kürte başynda, gyz-gelinler daşynda» ady bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda, «Gyzyl kürte başynda, gyz-gelinler daşynda» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bu barada «Watan» gazetinde habar berilýär.

Halkymyzda zenanlara bolan sylag-hormat gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Berkarar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň mertebesi belent tutulýar. Bu gün türkmen zenanlary ähli pudaklarda göreldeli zähmet çekýärler.

Milli egin-eşiklerimiz her bir adamyň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Onuň inçeden-inçe salnan nagyşlary gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp el hünärini açyp görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Duşuşyga gatnaşanlar zenanlaryň ähli ugurlarda yhlasly işläp, ajaýyp döwürde ýaşamagy ugrunda yzygiderli aladalary edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maýagözel Bähbidowa,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok