“SPIE” adyndaky optika we fotonika ylymlarynyň gözleglerini ösdürmäge bagyşlanan guramasy, “IDL 2020 Photo Contest” ýagny, “Halkara Yşyk Güni 2020 Surat Bäsleşigi” atly halkara surat bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşigiň esasy maksady, her ýyl UNESCO tarapyndan 16-njy maýda geçirilýän “Halkara Yşyklar Güni” hakda habardarlygy ýokarlandyrmak we ýagtylygyň dünýämize medeni we ykdysady taýdan edýän täsirini görkezmekdir.
Bu halkara surat bäsleşigiň esasy mowzugy “Gündelik durmuşda ýagtylygyň we ýagtylyk tehnologiýalaryň oýnaýan möhüm roly” bolup, şu aşakdaky kategoriýalar bolup biler:
- Ýagtylygyň dürli häsiýetleri we onuň atmosfera we tebigat bilen aragatnaşygy;
- Lazerler we LED yşyklar ýaly ýagtylyk tehnologiýalary;
- Teleskoplar we mikroskoplar arkaly düşürilen suratlar;
- Ýagtylyk ýa-da ýagtylyk bilen aragatnaşýan adamlar;
- Adamyň saglygyny we ýagdaýyny yşyk bilen gowulaşdyrmak.

Şu ýylda, SPIE guramasy 13-17 ýaşly ýaşlar aralygy üçin “Ýaşlar Kategoriýasy” atly kategoriýa açdy. Bu halkara bäsleşige, düşüren suratlaryňyzy 16-njy sentýabra çenli ugradyp bilersiňiz. Ýeňijiler 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda açyga çykarylar. Birinji oruna 2500 amerikan dollary, ikinji orun alana 1500 amerikan dollary we üçünji orun alana bolsa 500 amerikan dollary gowşurylar. Mundan başga-da “Ýaşlar Kategoriýasy” üçin SPIE guramasy tarapyndan höweslendiriji baýraklar gowşurylar
Registrasiýa üçin: https://spie.org/about-spie/international-day-of-light/spie-idl-photo-contest/submit-your-photo
Teswirler