Aşgabatda «Merkezi Aziýada we Mongoliýada​ köpdilli​ bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köpdilli bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň tegelek stoly geçirildi. Çäräniň esasy maksady bilim ulgamynda halkara tejribäni alyşmak, köpdilli bilimi ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň wekiliýetleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar öz ýurtlarynda köpdilli bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, gazanylan tejribeler we öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdylar.

Häzirki döwürde köpdilli bilim ýaş nesliň dil başarnyklaryny ösdürmek, dürli medeniýetlere düşünişmegi pugtalandyrmak we bilim mümkinçiliklerini giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Birnäçe dili öwrenmek okuwçylaryň maglumatlary özleşdirmek, öz pikirlerini beýan etmek we dürli medeni gurşawlarda aragatnaşyk saklamak mümkinçiliklerini artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, tegelek stolda köpdilli bilimiň hilini ýokarlandyrmak we ony milli bilim ulgamlaryna netijeli ornaşdyrmak meselelerine garaldy.

Maslahatyň esasy ugurlarynyň biri okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boldy. Gatnaşyjylar bilim mazmunyny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, dürli dillerde okatmagyň usulyýetini ösdürmek we okuwçylaryň bilim netijelerine baha bermegiň netijeli usullaryny ulanmak barada pikir alyşdylar. Şeýle hem köpdilli bilim boýunça halkara tejribesini öwrenmegiň we ony milli aýratynlyklary göz öňünde tutup peýdalanmagyň ähmiýeti bellenildi.

Mugallymlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň hatarynda boldy. Köpdilli bilim ulgamynyň netijeli işlemegi üçin mugallymlaryň diňe bir dil başarnyklarynyň däl, eýsem dürli dillerde sapak geçmegiň döwrebap usullaryny bilmekleriniň hem ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak we okuw-usulyýet serişdelerini taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri gözden geçirildi.

Çäräniň dowamynda mekdebe çenli we başlangyç bilim derejelerinde köpdilli bilimi ösdürmäge aýratyn üns berildi. Çagalaryň irki ýaşlardan başlap dil öwrenmäge höwesini artdyrmak, olaryň dil başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek we okuw üçin amatly şertleri döretmek bu ugurdaky möhüm wezipeler hökmünde görkezildi. Şeýle hem okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän okuw serişdelerini işläp taýýarlamagyň we bilim bermegiň netijelerine yzygiderli baha bermegiň ähmiýeti nygtaldy.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek hem duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak, bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek we köpdilli bilim boýunça netijeli usullary öwrenmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hyzmatdaşlyk ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we umumy meseleleriň çözgütlerini tapmaga ýardam edip biler.

Tegelek stoluň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň Täjigistanyň bilim ministri, şeýle hem Özbegistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Aýna NESIPGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň Döwlet dolandyryşy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok