Şu gün — 1-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli guralan «Guşlar — tebigatyň bezegi» atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanda guşlaryň Halkara gününi bellemegiň taryhy, biziň ýurdumyzda duş gelýän dürli guşlar barada, haýwanat dünýäsini goramakda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Döwlet muzeýinde hereket edýän «Ýaş tebigatçy» gurnagynyň okuwçylarynyň guşlar barada taýýarlanan kompozisiýasy hem örän täsirli boldy.
Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, suratlary we haly panolary ýerleşdirilip, olaryň üsti bilen guşlaryň köpdürlüligi we owadanlygy görkezilýär. Sergide guşlar dünýäsinden gürrüň berýän ylmy we çeper kitaplara hem-de döwürleýin neşirlere giň orun berilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň guş öwreniji alym-ornitologlarynyň portretleri hem görkezilýär.
Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde guşlaryň Halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk daşky gurşawy goramak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bu meselä hormatly Prezidentimiziň giň halkara goldawyna eýe bolýan başlangyçlary netijesinde uly üns berilýär we daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi goramak boýunça uly maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Guşlaryň gününiň ýazda bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ýazda olar höwürtgeleýärler, köpelýärler, bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler. Ol ýerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de biziň ýurdumyza gyşlamaga, türkmen topragynyň ýyly mährinden güýç-kuwwat almaga gelýärler.
Soňky maglumatlara görä, Türkmenistanda guşlaryň 436 görnüşi duş gelýär, biziň muzeýimiziň ekspozisiýasynda bolsa olaryň 114 görnüşi sergilenen. Ondan başga-da, muzeýiň tebigat bölüminiň gaznahanasynda, guşlaryň ylmy kolleksiýasy saklanýar. Ol biziň ýurdumyzdaky duş gelýän guşlaryň iň uly ylmy toplumydyr. Onda üç müňe golaý guşlaryň 17 topara we 45 maşgala degişli 325 görnüşiniň gäpleri saklanylýar. Sergide Türkmenistanda duş gelýän ýyrtyjy guşlar hem görkezildi. Dünýäde ýyrtyjy guşlaryň 247, Türkmenistanda 37 görnüşi bellidir. Muzeýimiziň ekspozisiýasynda ýyrtyjy guşlaryň 17 görnüşi bilen tanyşmak mümkindir.
Teswirler