BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň 12 ýyllyk şanly toýy mynasybetli hususy telekeçileriň arasynda 2019-njy ýylyň jemi boýunça geçirilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde:

«Ýylyň gurluşykçysy» ugry boýunça «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Ussat inžener» hem-de «Aktab» hususy kärhanalary;

«Ýylyň senagatçysy» ugry boýunça  «Himiýa senagat», «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetleri, telekeçi Azat Aşyralyýew, «Şatumar» hususy kärhanasy;

«Ýylyň oba hojalykçysy» ugry boýunça «Guş toplumy» hususy kärhanasy, telekeçiler Gurbanguly Agaýew, Aýdogdy Hudaýberdiýew;

«Ýylyň täze önüm öndürijisi» ugry boýunça  «Hasar», «Muhammet Balkan», «Türkmen senet» hojalyk jemgyýetleri, «Ak toprak», «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanalary;

«Innowasion tehnologiýalaryny we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň öňdebaryjysy» ugry boýunça «Berk ojak», «Türkmen berk metal» hususy kärhanalary, «Hil standart» hojalyk jemgyýeti, «Nurly meýdan» daýhan hojalygy;

«Ýylyň çeper ussady» ugry boýunça telekeçiler Bagtyýar Hojaniýazow, Aknabat Towyýewa, Rejep Bazarow;

«Ýylyň söwda we hyzmatlar pudagynyň öňdebaryjysy» ugry boýunça «Anyk» hojalyk jemgyýeti, telekeçiler Nurmuhammet Gapurow, Amandursun Begjanowa, «Gujurly nesil» hususy kärhanasy;

«Ýylyň eksportýory» ugry boýunça «Derýaplastik», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri, «Batly gadam» hususy kärhanasy;

«Ýylyň Aşgabat şäher we welaýatlar boýunça öňdebaryjy telekeçisi» ugry boýunça  Aşgabat şäherinden «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy, Ahal welaýatyndan «Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasy, Balkan welaýatyndan «Daýhan ädimi» daýhan hojalygy, Daşoguz welaýatyndan «Rysgally zähmetiň berekedi» hususy kärhanasy, Lebap welaýatyndan «Mizemez gadam» hususy kärhanasy, Mary welaýatyndan «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýeti;

«Ýylyň telekeçi zenany» ugry boýunça telekeçiler Maýa Dadaýewa, Gülaýym Nowruzalyýewa, «Maýam» himiki arassalaýyş hususy kärhanasyndan Maýa Myradowa;

«Ýylyň ekologiýa taýdan arassa önüm öndürijisi» ugry boýunça «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Begler ýoly», «Parahat» hususy kärhanalary, telekeçi Aman Guldurdyýew dagy ýeňiji diýlip yglan edildiler. Ýurdumyzyň hususy pudagynda göreldeli işleri bilen tanalýan ýeňijileri tüýs ýürekden gutlap, «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylynda-da täze üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok