Robot tehnologiýalary şüweleňi geçirildi

Aşgabat şäheriniň 49-njy orta mekdebinde “Robot tehnologiýalary şüweleňi” geçirildi.

Bäsleşige 8 mekdepden 64 okuwçy öz ezberligini görkezdi. Bu şüweleňe paýtagtda ýerleşýän 49-njy, 64-nji, 74-nji, 86-njy, 87-nji, 97-nji, 135-nji we Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary öz taýýarlan robotlary bilen bäsleşdiler.

Bäsleşik 3 tapawutly ýumuş kategoriýalar esasynda geçirildi:
1) “Mission”;
2) “Kiçi sumo”;
3) “Uly sumo”;

“Mission” kategoriýasynda Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Rejepow Begli we Guwançmyradow Sahygeldi utuk bilen baş orny paýlaşdylar. Ikinji ýere bolsa ýene şol mekdebiniň okuwçysy Pirguly Öwezow mynasyp boldy.

“Kiçi sumo” ýaryşynda Aşgabat şäheriniň 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Akmyradow Arslan bu ýaryşyň ýeňijisi boldy. Aşgabat şäheriniň 64-nji orta mekdebiniň okuwçysy Annakuliýew Timur eýe boldy.

“Uly sumo” ýaryşynda bolsa Aşgabat şäheriniň 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Eýemberdiýew Hojamyrat I orny eýeledi. Finalda onuň garşysynda çykyş eden Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Poladow Arslan II orna mynasyp boldy.

“Mission” ýumuşyna gatnaşýan robotlar 3 minut wagtyň içinde dörtburçlak gutynyň içindäki 10 sany taýajyklary gutynyň bir gyrasynda ýerleşen 7 santimetr diametrlik deşige salmakdan ybarat boldy.

“Kiçi sumo” we “uly sumo” kategoriýalary bolsa bir wagtda iki robotyň arasynda ýaryş hökmünde geçirildi. Bu ýerde ýumuş garşydaş roboty meýdançadan çykarmakdan ybarat. Ýaryşlar 3 raund bolup, ýeňiji bäsleşikden çykýar. Ýeňiji bolsa turnamente dowam edýär.

“Kiçi sumo” ýaryşy 1 metr diametrlik tegelek tagta meýdançanyň üstünde geçirildi. Bu kategoriýada gatnaşan robotlar üçin düzgün boýunça bellenen çäklendirmeler:
1) robotyň aňrybaş ini boýy 20×20 sm;
2) agramy aňrybaş 1kg bolmaly.

“Uly sumo” ýaryşy 1,5×1 metr ölçegdäki dörtburçlak tagta meýdançanyň üstünde geçirildi. Bu tagtanyň tegelek deşik we bir burçda awtomatiki işleýän sinhron “ganatçyk” päsgelçilikler ýaryşy has çylşyrymlaşdyrýar we ökdeleriň öňe saýlanmagyna itergi berýär. Bu kategoriýada gatnaşan robotlar üçin düzgün boýunça bellenen çäklendirmeler:
1) robotyň aňrybaş ini boýy 25×25 sm;
2) agramy aňrybaş 2kg bolmaly.

Teswirler

aylar

sunun yaly mumkunculukler doredyanınız ucın sıze kop kop sagbolun!!!!