Ýokanç kesellerden nädip goranmaly?

ÝITI RESPIRATOR WIRUSLY ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA BSGG-niň MASLAHATLARY

Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy na­za­ra alyp, howp­ly ýo­kanç ke­se­lleriň ýur­du­my­zyň çä­gi­ne ara­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak boýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş seriş­de­le­rin­de möw­süm­le­ýin ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­güni ba­ra­da giň ge­rim­li dü­şün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, mas­la­hat­lar çap edil­ýär, ilat ara­syn­da ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş iş­le­ri ba­rada yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri alnyp ba­ryl­ýar. Maş­ga­la luk­manla­ry ta­ra­pyn­dan ila­tyň ara­syn­da ýi­ti res­pi­ra­tor ke­sel­le­ri­ne gar­şy san­jym iş­le­ri ge­çi­ril­ýär, ça­ga­lar ba­gy­na gat­na­ýan ça­ga­la­ryň we ola­ryň ene-ata­la­ry­nyň, ta­lyp­la­ryň hem-de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän wa­gyzne­si­hat iş­le­ri has-da güýç­len­di­ril­di we berk gö­zeg­çi­li­ge alyn­dy.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da ýo­kanç ke­sel­ler ba­ra­da ama­lyokuw mas­la­hat­la­ry gu­ral­ýar. Baş der­man­ha­na bir­le­şi­gi we «Lukman­çy­lyk en­jam­la­ry» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan äh­li ze­rur bo­lan der­man­lar we sag­lyk maksat­ly en­jam­lar bi­len üp­jün et­mek iş­le­ri do­ly ama­la aşy­ryl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­raýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistrli­gi ra­ýat­la­ry­my­za döw­le­ti­mi­ziň için­dä­ki sa­ni­ta­ri­ýa epi­de­mio­lo­gi­k aba­dan­çy­ly­gy go­ra­mak we berkit­mek hem-de ra­ýat­la­ry­my­zyň, sag­ly­gy­ny go­ra­mak mak­sa­dy bilen, howp­ly möw­süm so­wul­ýança, ýur­du­my­zyň çä­gin­den çy­kyp, da­şa­ry ýurt­la­ra bel­li bir iş sa­paryna we sy­ýa­ha­ta git­mek­den sak­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär.

Möw­süm­le­ýin ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy gora­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­hat­lary:

1. Azyk önüm­le­ri­niň howp­suzly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý ediň. Çig we taý­ýar iý­mit üçin aý­ra­tyn ke­si­ji tag­ta­la­ry we py­çak­la­ry ulanyň!

2. Eti we ýu­murt­gany do­ly taýýar bol­ýan­ça, go­wy edip bi­şi­riň!

3. Çig eti dog­ra­ma­gyň we taýýar iý­mit bi­len iş­le­ýän wag­ty­ňy­zyň ara­syn­da el­le­ri­ňi­zi ýu­wup du­ruň!

4. Daş-tö­we­rek­dä­ki adam­la­ry ýo­kanç­dan go­raň. Eger üs­gür­ýän bol­sa­ňyz ýa-da gyz­gy­ny­ňyz ýoka­ry bol­sa, adam­lar bi­len gat­naşyk­dan ga­ça du­ruň. Jem­gy­ýet­çilik ýer­le­rin­de ýe­re tüý­kür­mäň!

5. Gyz­gy­ny­ňyz ýo­kar­lan­sa, üsgür­se­ňiz we dem al­şy­ňyz kyn­laşsa, müm­kin bol­du­gy­ça wagt ýi­tirmän, luk­man­çy­lyk kö­me­gi üçin ýüz tu­tuň!

6. Eger siz nä­sag­la­man­ka­ňyz haý­sy­dyr bir ýurt­la­ra gi­dip-ge­len bol­sa­ňyz, bu ba­ra­da luk­ma­na aý­dyň!

7. El­le­ri­ňi­zi ýu­wuň. El­ler ga­ty ha­pa bo­lan ýag­da­ýyn­da, ola­ry sa­byn bi­len akar su­wuň aşa­gynda ýu­wuň!

8. El­le­ri­ňiz o di­ýen ha­pa bolma­dyk ýag­da­ýyn­da bol­sa-da, olar­da gö­ze gö­rün­me­ýän ke­sel dö­re­di­ji­ler köp muk­dar­da bolma­gy müm­kin, şol se­bäp­li dür­li zy­ýan­syz­lan­dy­ryş er­gin­le­ri bi­len tä­miz­läň ýa-da sa­byn­lap, suw bilen ýu­wuň!

9. As­gy­ra­ny­ňyz­da we üs­gü­reni­ňiz­de ag­zy­ňy­zy we bur­nu­ňy­zy tir­se­gi­ňi­zi epip ýa-da des­mal bilen ýa­pyň. Des­ma­ly şol ba­da taşlaň we el­le­ri­ňi­zi ýu­wuň!

10. Gyz­gy­ny ýo­ka­ry ýa-da üs­gür­ýän adam­lar bi­len ýa­kyn gal­ta­şyk­da bol­mak­dan sak­lanyň!

11. Ýa­ba­ny ýa-da oba ho­jalyk haý­wan­la­ry bi­len go­ral­ma­dyk gal­ta­şyk­lar­dan sak­la­nyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok